HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan Geňeşleri GRE Programmasyna gatnaşmaga çagyrýar

Dekabr 15, 2022 | 06:40 |15055
ABŞ-da magistratura ýa-da doktorantura girmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin 2023-nji ýylyň baharyna GRE maksatnamasyna arzalaryň kabul edilmegi açyldy. Bu baradaky habar Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirildi.ABŞ-da magistratura ýa-da doktorantura girmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin 2023-nji ýylyň baharyna GRE maksatnamasyna arzalaryň kabul edilmegi açyldy. Bu baradaky habar Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirildi.
Çeşme:

ABŞ-da magistratura ýa-da doktorantura girmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin 2023-nji ýylyň baharyna GRE maksatnamasyna arzalaryň kabul edilmegi açyldy. Bu baradaky habar Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirildi.

GRE Program - Graduate Record Examination (gutardyş synagy) ABŞ-nyň okuw mekdeplerinde magistr derejesini almagaa taýýar bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin 18 hepdelik taýýarlyk maksatnamasydyr. Okuw onlaýn we göni gatnaşmak arkaly usullary özünde jemleýän utgaşykly görnüşde geçiriler. Şoňa görä-de, gatnaşyjylaryň kompýuter, planşet ýa-da smartfon arkaly internete hemişe elýeterliligi bolmalydyr, çünki ýerine ýetirmeli işler elektron poçta boýunça ugradylar hem-de sosial torlaryň goşundylarynda ýerleşdiriler.

Okuw GRE maksatnamasynyň hemme ugurlary boýunça – seljerme beriş hat, werbal pikir ýöretme, möçber taýdan pikir ýöretme (Analytical Writing, Verbal Reasoning, Quantitative Reasoning), şeýle hem ABŞ-nyň okuw mekdeplerine magistratura arza bermek işine taýýarlanmaga kömek eder.

Mümkinçiligi bolan dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
―Ýokary bilim bolmaly (bakalawr, 4 ýyl)
―Türkmenistanyň raýaty bolmaly we Türkmenistanda ýaşamaly
―Iňlis dilini biliş derejäň bildirlýän talaba laýyk gelmeli
― Maksatnamada we ABŞ-yň magistraturasynda üstünlik gazanmaga erjel bolmaly
―18 hepdelik taýýarlyk okuwyny üstünlikli geçmäge taýýar bolmaly

Zerur bolan resminamalryň sanawyny diňe elektron görnüşde bermeli:
―Gatnaşmak üçin doldurylan anketa
―Bahalar görkezilen tabel (bakalawriat/magistratura) we diplom
― Akademiki ýa-da hünär ugurly teklip edýän mazmunda iňlis dilinde ýazylan bir hat
―Rezýume
―Içerki pasportyň nusgasy
Isleg bildirýänler TOEFL, IELTS iňlis dilini bilişlerine testiň netijeleri baraada resmi hasabaty berip biler

Resminamalaryň ähli toplumyny (her resminamanyň adyny görkeziň) bir hata berkitmeli hem-de hökman öz adyňy görkezip, gre@americancouncilstm.org elektron poçtasyna ibermeli. Diňe resminamalarynyň doly toplumy bolan dalaşgärlere garalar.

Arzalary bermegiň möhleti: 2023-nji ýylyň 22-njii ýanwary, 17:30

Goşmaça maglumatlary şu telefondan +993 61 81 68 55 iş günleri – duşenbe gününden penşenbe güni aralygyna sagat 9:00-dan 16:00-a çenli ýa-da gre@americancouncilstm.org elektron poçta boýunça alyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026