Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynda 900 müňden gowrak iş orunlaryny döretdi


Russiýanyň Halkara Senagatçylar we telekeçiler kongressiniň prezidenti Artem Çaýka Merkezi Aziýa ýurtlarynda 10 müňden gowrak bilelikdäki kärhanalar döredilip, olaryň 900 müňden gowrak iş orunlary bilen üpjün edýändigini Bişkek şäherinde geçirilen maýa goýum sammitiniň jemleri boýunça mälim etdi. Bu barada Sputnik portaly habar berýär.
«Uly bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diňe 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli döwürde jemi rus maýa goýumlarynyň möçberitakmynan 30,5 milliard amerikan dollaryna barabar boldy» — diýip, rus telekeçisi nygtady.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Halkara Senagatçylar we telekeçiler kongressiniň prezidentihäzirki wagtda Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini belledi. Häzirki wagtda Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň uly söwda we ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.
ORIENT news
Surat: www.26-2.ru








