Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ministrlikleri Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler


«Türkmengaz» döwlet konserni, Azerbaýjanyň Energetika ministrligi we Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Bu resminama Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň liderleriniň Awazada geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegiTürkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropanyň energiýa bazarlaryna diwersifikasiýa etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar, ozal hünärmenler bu barada özleriniň ýörite neşirlerinde ýazypdylar
Türkmenistana bolan resmi saparynyň öňüsyrasynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan žurnalistlere beren teswirinde Türkmenistanyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýäni tebigy gazy bilen üpjün etmegine umyt edýändigini belläpdi
Üç ýurduň energetika toplumlarynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama 14-nji dekabrda gol çekilmeginiň — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabat gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu şanly senäniň hünärbaýramy bilen gabat gelmegi tötänleýin däldir. Hut şu gün 2009-njy ýylda dünýäniň iň uzyn gaz geçirijilerinden biri bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işe girizilipdi.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








