HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylara wiza bermegiň gurallaryny alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 15, 2022 | 14:47 |6461
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylarynyň işini kämilleşdirmek üçin wiza bermegiň gurallaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Bu başlangyç üç ýurduň ulag edaralarynyňýolbaşçylarynyň Awazada döwlet baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH agentligi habar berdi.Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylarynyň işini kämilleşdirmek üçin wiza bermegiň gurallaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Bu başlangyç üç ýurduň ulag edaralarynyňýolbaşçylarynyň Awazada döwlet baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH agentligi habar berdi.
Çeşme:

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylarynyň işini kämilleşdirmek üçin wiza bermegiň gurallaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Bu başlangyç üç ýurduň ulag edaralarynyňýolbaşçylarynyň Awazada döwlet baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH agentligi habar berdi.

Ýurtlaryň arasynda awtomobil, deňiz we demir ýollary arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleri kabul etmäge hem-de bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň çeýe ulgamyny we bitewi düzgünlerinidöretmegiň zerurdygyny bellediler.

Howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly iberilýän konteýner ýüklerini saklamak we birleşdirmek üçin birnäçe hyzmatlary ýerine ýetirip bilýän multimodal logistik parky döretmek mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üç ýurduň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi, Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligi we Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi — bu ulgamda işgärleri taýýarlamagyň görnüşlerini işläp düzmek we özara tejribe alyşmak üçin dürli forumlary we maslahatlaşmalary geçirmegiň zerurdygyny beýan etdiler.

ORIENT news
Surat: lion-logistic.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026