Azerbaýjan Ermenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdi


Baku Ýerewan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny we eýýäm iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak baradaky şertnamanyň täzelenen tekstini Ermenistana iberipdir. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri bilen Awazada geçirilen duşuşygynda belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
«Azerbaýjan Ermenistan bilen gapma-garşylyksahypasyny özara bähbitli hyzmatdaşlyk, adaty goňşuçylyk gatnaşyklary bilen çalyşmak bilen, özygtyýarlylygy ykrar etmegiň we çäk bitewililigi we birek-biregiň serhetleriniň eldegrilmesizligini hormatlamagyň esasynda iki taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaklyga meýillidir» — diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri mälim etdi.
Ministriň bellemegine görä, ýakyn wagtlardaikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar.
Sişenbe güni döwlet baştutanlarynyň üç taraplaýyn sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrlikleriniň baştutanlarynyň duşuşygy Awazada geçirildi
ORIENT news
Surat: APA.AZ








