HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RF-niň prezidentiniň tabşyrygy boýunça Wolga-Hazar deňiz kanaly çuňlaşdyrylar

Dekabr 14, 2022 | 02:23 |11379
Gämi gatnawly Wolga-Hazar deňiz kanalynda gämileriň suwa çümýän böleginiň 4,5 metr derejä ýetirilip, has oňaýly geçijiligini üpjün etmek üçin 2023-nji ýylda suwuň düýbüni çuňlaşdyrmak işlerine başlanylar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetine we Astrahan oblastynyň hökümetine bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Degişli resminama Kremliň saýtynda ýerleşdirildi.Gämi gatnawly Wolga-Hazar deňiz kanalynda gämileriň suwa çümýän böleginiň 4,5 metr derejä ýetirilip, has oňaýly geçijiligini üpjün etmek üçin 2023-nji ýylda suwuň düýbüni çuňlaşdyrmak işlerine başlanylar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetine we Astrahan oblastynyň hökümetine bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Degişli resminama Kremliň saýtynda ýerleşdirildi.
Çeşme:

Gämi gatnawly Wolga-Hazar deňiz kanalynda gämileriň suwa çümýän böleginiň 4,5 metr derejä ýetirilip, has oňaýly geçijiligini üpjün etmek üçin 2023-nji ýylda suwuň düýbüni çuňlaşdyrmak işlerine başlanylar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetine we Astrahan oblastynyň hökümetine bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Degişli resminama Kremliň saýtynda ýerleşdirildi.

Gämi gatnawly kanal Wolga deltasynyň esasy şahasy bolan Bahtemir deňziniň bölegini hem-de Hazar deňzini Astrahan oblastynda Wolga deltasynyň ýalpak bölegi arkaly birleşdirýär. Şu bölekden geçýän gämiler köplenç ýalpaklykda batýar. Tabşyryk 2023-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli ýerine ýetirilmeli.

Şeýle hem resminamada Olýa deňiz portyny Astrahan oblastynyň çäklerinde döredilen aýratyn port ykdysady zolagynyň düzümine girizilmelidigi barada aýdylýar. Mundan başga-da, Astrahanda deňiz menziliniň binasynyň binagärlik taslamasy hem-de gurluşygy ýerine ýetirilmelidir.

Ulag we logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda taraplar Olýa-Türkmenbaşy awtoparom gatnawyny açmak boýunça bilelikdäki taslamany işläp taýýarlaýarlar. Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri iki ýurduň deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawy ýola goýmak üçin öz gämilerini hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026