HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FLO türk kompaniýasy Aşgabatda özüniň ilkinji dükanyny açdy

Dekabr 13, 2022 | 23:43 |9948
Duşenbe güni Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde multibrend aýakgaplaryny satmak bilem meşgullanýan Flo türk kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy.Duşenbe güni Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde multibrend aýakgaplaryny satmak bilem meşgullanýan Flo türk kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy.
Çeşme:

Duşenbe güni Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde multibrend aýakgaplaryny satmak bilem meşgullanýan Flo türk kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy.

Bu ýerde erkekler, zenanlar we çagalar üçin Kinetix, U.S. Polo Assn, Lumberjack, Garamond, Art Bella, Butigo, Polaris we beýlekiler ýaly bütindünýä meşhur harytnyşanlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şeýle hem dükandan dünýäde iň meşhur öndürijileriň sport egin-eşiklerini edinmek bolar.

FLO-nyň söwda nokadynyň açylmagy mynasybetli dükanda bir hepdäniň dowamynda ähli harytlara 50-göterim ýeňillik giriziler. Mundan başga-da, alyjylar aýakgaplary öňünden töleg geçirmezden garaşaryna hem-de satyjy bilen 6 aýyň dowamynda hasaplaşyp satyn alyp bilerler.

Asman Shop diskont kartyndan peýdalanýan müşderiler FLO, Altynyildiz Classics, Koton, Koton kids, Ramsey, Mavi, Avva, LC Waikiki brentlerini satyn alanlarynda 5-göterim ýeňillik alyp bilerler. Alan harytlaryny resmileşdirenlerinde olar 3-göterim keşbek hem alýarlar.

FLO multibrend kompaniýasy 1960-njy ýylda Ahmet Ziýlan tarapyndan esaslandyryldy. Häzir bu söwda nyşanly dükan Türkiýede satuwlaryň öňdebaryjysy bolup onda 400-e golaý söwda nokatlary işleýär. Olar her ýylda millionlarça alyjylara hyzmat edýärler, olaryň harytlary bolsa dünýaniň 25-den gowrak ýurduna eksport edilýär.

Ýakyn wagtda FLO kompaniýasy Aşgabatda ýene-de bir söwda nokadyny açmagy maksat edinýärr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026