HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyňXV maslahatyna gatnaşýar

Dekabr 13, 2022 | 23:34 |5985
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV maslahatyna gatnaşýar.Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV maslahatyna gatnaşýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV maslahatyna gatnaşýar.

Bu ýyl Forum «Ynsanperwer hyzmatdaşlyk — 30 ýyllyk tejribe we ösüşiň geljegi» atly mowzuk boýunça geçirilýär. Umumy mejlisden başga-da, GDA ýurtlarynyň ylym-bilim bileleşigi we edebiýat we Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» döwletara baýragyny we «Arkalaşygyň ýyldyzlary» halkara baýragyny gowşurmak dabaralary, şeýle hem IFGS-iň iň uly taslamalarynyň biri bolan — GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçirilýär.

Daşkent şäherinde geçirilen konsertde Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň tanymal sazandalary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy, dirižýor Rasul Gylyjow dagylar hem sahnada orun aldylar.

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, bu maslahatyň Arkalaşyga agzaýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy we medeniýetleriniň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

GDA-nyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň forumlary 2006-njy ýyldan bäri Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarynda gezekli gezegine geçirilýär we bu ylym, bilim, medeniýet, maglumat, syýahatçylyk, sport, ýaşlar bilen işlemek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite meýdança bolup hyzmat edýär.

ORIENT news
Surat: tass.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026