HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNISEF-iň goldawy bilen milli immunizasiýa maksatnamasyna 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýar

Dekabr 14, 2022 | 00:31 |5850
BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynyň başlygy Muhammet Faýazi guramanyň dürli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýurduň goşýan goşandyny belläp, türkmen tarapynyň ÝUNISEF-iň goldawy bilen ilatyň immunizasiýasy üçin 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýandygyny belledi.BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynyň başlygy Muhammet Faýazi guramanyň dürli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýurduň goşýan goşandyny belläp, türkmen tarapynyň ÝUNISEF-iň goldawy bilen ilatyň immunizasiýasy üçin 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýandygyny belledi.
Çeşme:

BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynyň başlygy Muhammet Faýazi guramanyň dürli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýurduň goşýan goşandyny belläp, türkmen tarapynyň ÝUNISEF-iň goldawy bilen ilatyň immunizasiýasy üçin 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýandygyny belledi.

Ol bu barada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren teswirinde nygtady.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň baştutany häzirki wagtda Türkmensitanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda immunizasiýa derejesiniň örän ýokarydygyny, şeýle hem ýurduň hökümetiniň tagallalarynyň netijesinde 2002-nji ýylda poliomielit keselini we 2010-njy ýylda bolsa gyzzyrma keselini aradan aýrandygyny aýratyn belledi.

Mundan başga-da, ol netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamy güýçlendirildi, çagalaryň boýunyň ösüşiniň yza galmagynyň derejesi peseldi we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi bäş esse ýokarlandy, bu diňe bir sebitde däl, eýsem Ýewropada hem iň ýokary görkezijä eýedigini nygtady.

Şeýle hem Muhammet Faýazi häzirki wagtda Türkmenistandaky ähli çaga dogrulýan öýleriň 94 göteriminiň «Baby-Friendly» şahadatnamasyny alandygyny belledi.

ORIENT news
Surat: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026