HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemegi başardy

Dekabr 14, 2022 | 16:09 |9767
«Ahal» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolup, şu möwsümde öz goruny ýene bir baýrak bilen doldurdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň web saýty habar berýär.«Ahal» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolup, şu möwsümde öz goruny ýene bir baýrak bilen doldurdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň web saýty habar berýär.
Çeşme:

«Ahal» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolup, şu möwsümde öz goruny ýene bir baýrak bilen doldurdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň web saýty habar berýär.

Jemleýji oýunda Mergen Orazowyň türgenleri «Şagadam» futbol toparyndaky garşydaşlaryny 5:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Oýnuň dowamynda Şanazar Tirkişow, Didar Durdyýew, Ýunus Orazmämmedow (öz derwezesine), Elman Tagaýew we Resul Hojaýew pökgileri derwezeden geçirdiler.

Kubogy gazanmak ugrundaky ýolda «Ahal» komandasy «Altyn Asyr» we «Merw» futbol toparlaryndan üstün çykmagy başardylar.

Ondan öň «Ahal» 2013, 2014 we 2017-nji ýyllarda ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdylar.

Geçen hepde «Ahal» türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempiony boldy

ORIENT news
Surat: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026