Aşgabatda Sierra-Leonanyň ilçisi işläp başlady


Türkmenistanda Sierra-Leona Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kamar Ali Badar işläp başlady. Çarşenbe güni ilçiden Prezident Julius Maado Bio tarapyndan gol çekilen ynanç hatyny türkmen parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa kabul etdi.
Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty wezipä girişmegi bilen gutlady we oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugry boýunça iki döwletiň gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meselelere deglip geçildi.
Türkmenistan bilen Sierra-Leona Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky teswirnama 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda gol çekildi. Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň binasynda geçirildi. Şol ýerde Kamar Ali Badar öz ýurdunyň ilçisidir. Şonda ol diplomatik gatnaşyklar hakynda teswirnama gol çekdi.
Maglumat üçin: Sierra-Leona Günbatar Afrikada ýerleşip, Liberiýa we Gwineýa bilen serhetleşýär, Atlantik ummany bilen ýuwulýar. Paýtagty – Fritaun. Ýurduň ilaty 6 milliondan gowrak adam. Resmi dili – iňlis dili. Dini – yslam, hristiançylyk we däp bolan afrika ynançlary.
Pul birligi – leone. Ykdysadyýetiniň esasy – oba hojalygy. Importynyň esasy – tehnikalar, enjamlar, çalgy-ýangyç serişdeleri, azyk önümleri we himiýa senagaty. Eksportynyň esasy – göwherler, demir magdany, kakao, kofe we deňiz önümleridir.
6-njy dekabrda Bütindünýä banky ABŞ-nyň 100 million dollary möçberinde karz serişdesini tasyklady, şol serişdeler Sierra-Leonanyň hökümetine tebigy serişdleriň dolandyrylmagyny gowulandyrmaga kömek eder.
ORIENT news








