Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysyny orden bilen sylaglady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň (parlamentiniň) başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibi, ikitarapyň hem eýeleýän ýörelgeleri gabat gelýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. BMG, GDA, Türki döwletleriň guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi ýaly guramalaryň çäklerinde hem netijlei gatnaşyklar bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň tebigy serişdeler, ykdysady we ulag mümkinçilikleri bilen birlikde, ägirt uly kuwwatynyň ulanylmagynyň diňe bir iki ýurduň däl, eýsem tutuş sebitiň halkalarynyň bähbitlerine hem laýyk gelýändigini aýtdy.
Şu köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmeginde döwletara gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýän hem-de özara hereketleriň kanunçylyk esasyny berkitdän parlamentara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky parlament diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi, gürrüňsiz suratda, iki ýurduň gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, olaryň ätiýaçlyklarynyň ulanylmagyna hyzmat eder.
Şol gün,Türkmenistanyň prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda permana gol çekdi.
Orden Halk Maslahatynyň – türkmen parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşygy mahalynda gowşuryldy.
Duşuşyk “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi, şeýle hem şol ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Sahiba Gafarowa Aşgabada saparynyň dowamynda Mejlisiň – Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk edarasynyň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen hem duşuşdy, şondan soň deputatlaryň öňünde çykyş etdi.
Gafarowa häzirki saparynyň Aşgabada ilkinji saparydygyny belläp, umumy taryhy, medeniýeti, dili, dini bolan türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumylygyny nygtady. Azerbaýjan Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik beren hemişelik bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar diýip, ol aýtdy.
ORIENT news








