Aşgabat we Baku ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bakuda saparda bolmagynyň çäklerinde 5-nji dekabrda, duşenbe güni Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mikail Jabbarow bu barada öz twitterinde habar berdi.
Onda: "Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygymyzda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çekdik" - diýilýär. 5 aý mundan ozal Jabbarow azerbaýjan wekiliýetiniň başynda Aşgabada sapar bilen gelip, Meredow bilen duşuşypdy. Şonda gepleşikler energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilipdi.
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda iki ýurt Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işlemek we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Memoranduma gol çekdiler. Bu resminamanyň dowamy hökmünde degişli hökümetara ylalaşygy taýýarlamak boýunça iş toparlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn geňeşmeler dowam edýär. Ozal ORIENT Russiýanyň “Lukoil” nebit kompaniýasynyň ”Dostluk” ýatagynyň operatory bolmak isleýändigini habar beripdi.
ORIENT news








