HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Dekabr 07, 2022 | 09:17 |8254
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady ugurlary maksat edinip, Aşgabada gelen amerikan işewürleriniň wekiliýetini kabul etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady ugurlary maksat edinip, Aşgabada gelen amerikan işewürleriniň wekiliýetini kabul etdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady ugurlary maksat edinip, Aşgabada gelen amerikan işewürleriniň wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşyga “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy Erik Stýuart, Nicklaus Companies kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz, UGT Renewables kompaniýasynyň ýolbaşçysy Goran Raýsiç, Climate Compass kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Kewin Jeýms gatnaşdylar. Olar amerikan kompaniýalarynyň beýleki wekilleriniň hatarynda Türkmen-amerikan işewürler forumyna gatnaşmak hem-de işewür gatnaşyklaryň gerimini geňeltmek üçin Aşgabada geldiler.

Döwlet Baştutany we ABŞ-nyň myhmanlary hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we türkmen bazaryny, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiligini açmakda “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň eýeleýän orny bellenildi, şunuň bilen baglylykda, türkmen lideri bu düzümiň ýolbaşçysy hökmünde köp ýyllardan bäri alyp barýan işleri üçin Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi. Nicklaus kompaniýasy bilen-de Aşgabatda ýurduň ilkinji Golf-merkezini döretmek boýunça bilelikdäki taslama amala aşyryldy.

Serdar Berdimuhamedow Gün energetikasy üçin toplumlaýyn çözgütleri işläp düzmek bilen meşgullanýan UGT Renewables kompaniýasynyň hem Işewürler geňeşiniň düzümine girmegini goldady. Türkmenistan howa babatda dünýä derejesindäki tagallalary goldamak bilen, ýaşyl ykdysadyýete we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamaga tarap ugur aldy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýardyr.

Şeýle hem energiýa serişdelerini iberýän iri ýurt bolmak bilen, Türkmenistan nebitgaz senagatyny kämilleşdirmegi we uglewodorod gazlaryndan ýüz öwürmegi maksat edinýär. Şeýle hem bu pudakda Climate Compass ýaly amerikan kompaniýalary bilen gatnaşyk etmek üçin mümkinçilikler bar. Bu kompaniýa dünýäniň köp ýurtlarynda bölünip çykýan gazlary azaltmak boýunça taslamalara goýulýan maýa goýumlary dolandyrýar.

Amerikan işewürleri Türkmenistanda ösüşiň möhüm ugurlaryndaky wajyp taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026