Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi


Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew düşenbe güni, 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Raşid Meredow azerbaýjan liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mejlisiň Ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny gowşurdy. Ylham Alyýew olara jogap hökmünde söhbetdeşinden öz gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, ulag we gumanitar ugurlarda üstünlikli ösýändigi bellenildi – diýlip, Azerbaýjanyň döwlet baştutanynyň saýtynda habar berilýär. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Ylham Alyýewiň şu ýyl Aşgabat şäherine Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň altynjy sammitine gatnaşmak üçin amala aşyran saparynyň we şol döwürde Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilen duşuşyklaryň ähmiýeti hem nygtaldy.
ORIENT news








