GDA-da 2023-nji ýylda otlylaryň hereketini ugrukdyrmak tertibini tassyklandy


GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary Geňeşi, ýük otlylaryny guramak meýilnamasyny we 2022-2023-nji ýyllar aralygynda halkara gatnawlarynda otlylaryňhereketini ugrukdyrmak tertibini tassyklady. Bu resminama onlaýn görnüşinde geçirilen Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary Geňeşiniň 77-nji mejlisinde kabul edildi.
Şeýle hem Geňeşiň agzalary döwletara çatryk nokatlarynda ýük gatnawynyň göwrümini kesgitlediler, ählumumy hereket düzüminde ýük daşamak üçin halkara ýöriteleşdirilen otlylaryň sanawyny düzdüler.
Şunuň bilen birlikde, duşuşykda daşamak işiniň guralyşyny gowulandyrmak, hereketiň düzümini netijeli peýdalanmak, şeýle hem halkara gatnawynda ýolagçy toplumynyň ösüşi ýaly meselelere garaldy.
Geňeşiň döredilenine şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny bellemek hem ýerliklidir. Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady taýdan integrirleme hereketleriň ösmeginde demir ýol ulaglary möhüm orun eýeleýär.
Arkalaşygyň demir ýol ulgamy dünýädäki iň uly ulag ulgamlaryndan biridir. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda üstaşyr gatnawyny üpjün etmek üçin halkara ulag geçelgeleriniňösmeginde wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
ORIENT news
Surat: docsert.ru








