Türkmenistanyň Prezidenti BAE-nyň ýolbaşçylaryny Döwletiň jar edilen güni mynasybetli gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahýany, Wise-prezidenti, premýer-ministri, Goranmak ministri we Dubaý Emirliginiň hökümdary Şeýh Muhammet bin Reşid Al Maktumyny BAE-nyň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, , doganlyk halka bolsa — parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikerine amala aşyran saparyny örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we ýurtlaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga itergi berjekdigini nygtady.
BAE döwletiniň jar edilen güni her ýyl 2-nji dekabrdan başlap iki gün bellenilýär. Ýurtdaky binalaryň hemmesi döwlet baýdagynyň reňkinde bezelip, ýurduň ähli künjeklerinde konsertler we medeni çäreler geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 1971-nji ýylyň 2-nji dekabrynda 7Emirligiň ähli hökümdarlary bir döwlet - Birleşen Arap Emirliklerini döretmek barada şertnama baglaşypdy.
ORIENT news
Surat: syrianewsflash.com








