HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen awiýakompaniýasy halkara gatnawlarynda alnyp gidilýän goşmaça ýüküň nyrhyny galdyrdy

Dekabr 02, 2022 | 01:10 |19932
2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, “Türkmenistan” awiýakompaniýasy halkara gatnawlarynda alnyp gidilýän goşmaça ýüküň bahasyny galdyrdy.2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, “Türkmenistan” awiýakompaniýasy halkara gatnawlarynda alnyp gidilýän goşmaça ýüküň bahasyny galdyrdy.
Çeşme:

2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, “Türkmenistan” awiýakompaniýasy halkara gatnawlarynda alnyp gidilýän goşmaça ýüküň bahasyny galdyrdy.

Ýüküň 32 kg, çenli rugsat berilen möçberinden ýokary bolmagy bellenen kadadan geçmegiň 1 ornuna laýyk bolup, Türkmenistanyň raýaty 280 manat, özge ýurtlaryň raýatlary bolsa – ABŞ-nyň 80 dollaryny töleýär.

Goşmaça ýük üçin tölegi howa menziliniň kassasynda ýa-da awiýakompaniýanyň edarasynda töläp bolar. Ýüküň tölenendigi baradaky resminamany (kwitansiýa) almagy ýadyňyzdan çykarmaň, ony uçuş talonyny almak üçin bellik edýän işgäre görkezmelidir.

Türkmenhowaýollary arkaly gatnadyjylaryň halkara ugurlarynda ýüki muzdsuz alyp gitmegiň möçberiniň hyzmat ediş derejesine baglydygyny ýatlatmak isleýäris: biznes-derejeli ýolagçylara muzdsuz alyp gitmäge 40 kg. ýük ygtyýar berilendir, ekonom-derejeli ýolagçylara agramy 7 kg. deň bolan el goşlary bilen birlikde, 25 kg. rugsat berilýär – ol ähli derejeli ýolagçylara umumydyr. Şunda el goşunyň göwrümi 50х40х20 sm.-den geçmeli däldir. Bu talap Duty Free dükanynda söwda edilip alnan önümler ýerleşdirilen ýantorba hem degişlidir – agram 3 kg.-den geçmeli däl, göwrümi 40х30х15 sm. möçberinde bolmaly.

Ozal türkmen raýatlary üçin goşmaça ýüküň 1 ornunyň bahasy 175 manatdan 210 manat, daşary ýurtlylar üçin ABŞ-nyň 50-60 dollary aralygyndady.

Goşmaça maglumatlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň aşakdaky telefon belgileri boýunça alyp bolar: + 993 12 23-38-45, + 993 12 23-38-47, + 993 12 92-06-13, + 993 12 92-06-14.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026