HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýa Aşgabada täze ilçi belledi

Dekabr 02, 2022 | 05:05 |6067
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna diplomatik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Luçano Galliniň ýerine  kärdeşi Luidži Ferrari bellendi. Bu barada “OnuItalia” Rimiň 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda diplomatik ofisini açandygyny bellemek bilen, habar berýär.Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna diplomatik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Luçano Galliniň ýerine  kärdeşi Luidži Ferrari bellendi. Bu barada “OnuItalia” Rimiň 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda diplomatik ofisini açandygyny bellemek bilen, habar berýär.
Çeşme:

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna diplomatik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Luçano Galliniň ýerine kärdeşi Luidži Ferrari bellendi. Bu barada “OnuItalia” Rimiň 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda diplomatik ofisini açandygyny bellemek bilen, habar berýär.

Neşir geljegi uly gaz üpjünçiliginiň Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ugurlarynyň birine öwrülip biljekdigini öňe sürýär. Şol bir wagtyň özünde, esasy halkara guramalarynda özara goldawa eýe bolýan Türkmenistanyň bitarap pozisiýasyna Italiýanyň ýokary baha berýändigi nygtalýar.

“OnuItalia” Ferrariniň: "Men Türkmenistandaky işime uly höweş we egsilmez hyjuw bilen başlaýaryn, bu ýerde men dostlugy we ikitaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda işlärin" – diýen sözlerini getirýär.

01122022italiya1.jpeg

Ferrariniň Rim uniwersitetiniň syýasat fakultetini tamamlap, diplomatik işine 1993-nji ýylda Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler müdirliginde başlandygy habar berilýär. 1996-njy ýylda ol ýurt daşyndaky ilkinji işine Stokgolmda başlaýar, 1999-njy ýyldan 2003-nji ýyla çenli bolsa Angolada işleýär.

Farnesina gaýdyp gelensoň (italiýalylar öz DIM-ni şeýle atlandyrýarlar), ol tä 2018-nji ýylda Kopengagene ilçi bellenýänçä, içerki gulluklarda işleýär. 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri şu wagta çenli Ferrari ýene-de Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça baş müdirliginde işledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026