HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Owganystanda guran Saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi

Noýabr 29, 2022 | 08:28 |6685
Owganystanyň Faryab welaýatynyň Garamgol etrabynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2009-njy ýylda gurlan Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanyp berilmegi bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Ýurtda soňky döwürde bolup geçen wakalar sebäpli, saglygy goraýyş edarasyna zyýan ýetdi we şol sebäpli, türkmen hökümeti tarapyndan onuň doly abatlanmagyna we enjamlaşdyrylmagyna serişde bölünip berildi, şeýle hem, ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna medisina enjamlary, derman serişdeleri gowşuryldy.Owganystanyň Faryab welaýatynyň Garamgol etrabynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2009-njy ýylda gurlan Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanyp berilmegi bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Ýurtda soňky döwürde bolup geçen wakalar sebäpli, saglygy goraýyş edarasyna zyýan ýetdi we şol sebäpli, türkmen hökümeti tarapyndan onuň doly abatlanmagyna we enjamlaşdyrylmagyna serişde bölünip berildi, şeýle hem, ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna medisina enjamlary, derman serişdeleri gowşuryldy.
Çeşme:

Owganystanyň Faryab welaýatynyň Garamgol etrabynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2009-njy ýylda gurlan Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanyp berilmegi bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Ýurtda soňky döwürde bolup geçen wakalar sebäpli, saglygy goraýyş edarasyna zyýan ýetdi we şol sebäpli, türkmen hökümeti tarapyndan onuň doly abatlanmagyna we enjamlaşdyrylmagyna serişde bölünip berildi, şeýle hem, ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna medisina enjamlary, derman serişdeleri gowşuryldy.

IMG-20221127-WA0008.jpg

Ynsanperwer kömeginiň berilmegi we Saglyk öýüniň durkunyň täzelenmegi mynasybetli geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Mazar-i-Şerifdäki Baş konsullygynyň wekilleri, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerli ýaşaýjylar, şol sanda ýaşulular gatnaşdylar.

IMG-20221127-WA0009.jpg

Mundan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda Garamgol etrap bilim bölümine etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmak üçin 1-4-nji synplara niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy. Soňra Saglyk öýünde dabara gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda sadaka berildi.

IMG-20221127-WA0010.jpg

Halk köpçüligine giňden ýaýratmak maksady bilen bu çärä Owganystanyň “Milli” teleýaýlymynyň, Owganystandaky türkmen diasporasynyň “Tolkun News” kanalynyň we beýleki KHBS-niň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

IMG-20221127-WA0019.jpg

IMG-20221127-WA0030.jpg

ORIENT news
Suratlar Türkmenistanyň DIM tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026