HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Elektronika Dünýasi” dükanynyň açylmagy – hojalyk ehjamlaryny täzelemek üçin iň amatly wagt

Noýabr 26, 2022 | 19:37 |13266
Döwrebaplaşdyrylan Aşgabat “Elektronika Dünýasi” dükany 26-njy noýabr, şenbe güni açylýar we täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda müşderilere iň amatly şertler boýunça öýi we maşgalasy üçin meşhur markaly harytlary satyn almagy teklip edýär.Döwrebaplaşdyrylan Aşgabat “Elektronika Dünýasi” dükany 26-njy noýabr, şenbe güni açylýar we täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda müşderilere iň amatly şertler boýunça öýi we maşgalasy üçin meşhur markaly harytlary satyn almagy teklip edýär.
Çeşme:

Döwrebaplaşdyrylan Aşgabat “Elektronika Dünýasi” dükany 26-njy noýabr, şenbe güni açylýar we täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda müşderilere iň amatly şertler boýunça öýi we maşgalasy üçin meşhur markaly harytlary satyn almagy teklip edýär.

1.JPEG

Samsung, Hitachi, Gorenje, Whirlpool, Neos, Delonghi, Ariston, TCL, Moulinex, Braun we başgalar - gündelik durmuşda zerur we peýdaly, gabarasy uly we kiçi enjamlaryň iň abraýly we ygtybarly markalary düşürilen bahalarda elýeter bolar.

2.JPEG

Şeýlelik bilen, siz köne sowadyjyňyzy/tozan sorujyňyzy täzelemek isleýäňizmi ýa-da mydam soňa goýulýan isleg sanawyňyzda bar bolan howur peç, belki-de gap-gaç ýuwujy tehnika edinmekçi bolsaňyz, onda häzir tüýs şonuň wagty, hakyky ýeri bolsa – Elektronika Dünýasi. Bu ýerde siz öz ynam bildirýän markaňyzy, enjamyň giňişligiňize laýyk ululygyny saýlap bilersiňiz.

3.JPEG

Dükandan satyn alnan harytlary eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çäklerinde mugt amala aşyrylýar.

1-nji dekabra çenli Elektronika Dünýasi öz müşderilerine elektrik enjamlarynyň ählisini 20% arzanladyş bilen hödürleýär.

4.JPEG

Ýylyň ahyryna çenli harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň bahasynyň ep-esli derejede arzanladylmagyny göz öňünde tutýan “tükediş” aksiýasy yglan edilýär.

5.JPEG

Dükandan söwda eden müşderileriň hemmesine bije boýunça paýlanjak sowgatlar garaşýar. Ýöne, mundan başga-da, ýörite kodly petekler boýunça üç sany uly baýrak goýulan utuşly aksiýa hem geçiriler.

6.JPEG

“Elektronika Dünýasi” köpsanly brendleriň resmi distribýutory bolup durýar, ol 1 ýyldan 3 ýyla çenli möhlet bilen ýokary hilli kepillik hyzmatyny we öz hyzmat merkezinde enjamyň abatlaýyş işlerini hödürleýär.

7.JPEG

“Elektronika dünýäsi” dükany Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183 salgy boýunça size garaşýar.

“Elektronika Dunyasi” dükany: + 99360-14-22-53
Instagram: @ elektronika.dunyasi.dukany
«Tehnika Dunyasi» hyzmatlar merkezi: + 99360-14-22-54 / 55
Instagram: @tehnika_dunyasi

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026