HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bäsleşik geçirýär

Noýabr 26, 2022 | 16:50 |5241
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» halkara žurnaly bilen bilelikde «Bitaraplyk –bagtym meniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» halkara žurnaly bilen bilelikde «Bitaraplyk –bagtym meniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» halkara žurnaly bilen bilelikde «Bitaraplyk –bagtym meniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanýar. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzyň dürli ugurlarda ýeten sepgitlerini äşgär etmekden, şeýle hem bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleri bilen sport syýasatynyň arasyndaky arabaglanyşygy görkezmekden ybaratdyr.

Bäsleşige žurnalistler, fotožurnalistler, suratkeşler, mugallymlar, talyplar, şeýle hem döredijilik işleri bilen gyzyklanýan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin žurnalistikanyň žanrlarynyň biri boýunça (makala, düzme, söhbetdeşlik, oçerk we ş.m.) we çeper eserlerden (hekaýa, nowella we ş.m.) materiallary, şeýle hem hemişelik bitaraplyk derejesiniň ýörelgeleriniň düýp manysyny açyp görkezýän fotoetýudlary taýýarlamaly. Taýýarlanylan işler 11-nji dekabrdan öň turkmenistansport@sanly.tm, turkmen-youth@online.tm e-poçta salgylaryna iberilmelidir.

Eserleriň we suratlaryň bir bölegi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi web saýtlarynda ýerleşdiriler. Tapawutlanan eserler bolsa "Türkmenistan sport" atly halkara žurnalynda we hepdelik çap edilýän "7/24.tm" elektron goşundysynda çap ediler.

ORIENT news
Surat: yashlar.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026