HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katardaky 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy janköýerleri köpdürliligi bilen haýran galdyrdy

Noýabr 23, 2022 | 14:37 |9047
Katardaky dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy El Haur şäheriniň «Al Beýt» stadionynda geçirildi we 30 minut töweregi dowam etdi – diýip, bu barada sport-express.ru saýty habar berýär.Katardaky dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy El Haur şäheriniň «Al Beýt» stadionynda geçirildi we 30 minut töweregi dowam etdi – diýip, bu barada sport-express.ru saýty habar berýär.
Çeşme:

Katardaky dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy El Haur şäheriniň «Al Beýt» stadionynda geçirildi we 30 minut töweregi dowam etdi – diýip, bu barada sport-express.ru saýty habar berýär.

Olimpiýa oýunlarynyň açylyşyndan tapawutlylykda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy — adatça bu bir resmi däl we ýatda galyjy däl çäre hökmünde geçýär. Emma Katarda geçirilen açylyş onuň guramaçylary tarapyndan has gyzykly hem ajaýyp şüweleň görnüşinde guramaga çalyşdylar.

Церемония открытия ЧМ-2022 по футболу в Катаре удивила болельщиков многообразием

Dabara Golliwudyň meşhur artisti Morgan Friman bilen ýerli jemgyýetçilik işgäri — paralimpiýa türgeniniň arasynda geçirilen söhbetdeşlik bilen açyldy. Olar çempionatyň bütin dünýä üçin açykdygy, ähli adamlary birleşdirýän duýgular hakda gürrüň etdiler. Soňra dabara maskotlaryň ýörişi bilen dowam etdi.

Церемония открытия ЧМ-2022 по футболу в Катаре удивила болельщиков многообразием

Günorta Koreýanyň meşhur BTS toparynyň agzalarynyň biri — Jung Jongkookyň çykyşy bolsa açylyş dabarasynyň esasy pursaty boldy. Ol 2022-nji ýylda geçirilýän dünýä çempionaty üçin ýörite döredilen Dreamers (Arzuwçyllar) kompozisiýasyny ýerine ýetirdi. Aýdymyň ikinji bölüminde oňa Kataryň meşhur aýdymçysy Fahad Al-Kubaisi hem goşuldy.

Церемония открытия ЧМ-2022 по футболу в Катаре удивила болельщиков многообразием

Dabaranyň ahyrynda Kataryň häzirki emiriniň kakasy Tamim bin Hamad Al Tani - Hamad bin Halifa Al Tani - Kataryň çölüniň bir ýerinde çagalar bilen futbol oýnaýan wideoşekiliniň uly ekranda görkezilmegi bolsa iň täsirli pursatlaryň biri boldy. Bu kakasy üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Ogly kakasynyň şol futbol oýnunda geýen futbol köýnekçesini çykaryp, oňa goluny goýmagy haýyş etdi.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygy ýer eýeleri Katar bilen Ekwadoryň milli ýygyndysynyň arasynda geçirildi, bu oýun 2-0 hasaby bilen myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

ORIENT news
Surat: sport-express.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026