HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen BAE iki ýurduň portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary möhüm hasaplaýarlar

Noýabr 23, 2022 | 01:32 |6821
21-nji noýabr, duşenbe güni Abu Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Ulag-logistika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde bellenildi.21-nji noýabr, duşenbe güni Abu Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Ulag-logistika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde bellenildi.
Çeşme:

21-nji noýabr, duşenbe güni Abu Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Ulag-logistika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde bellenildi.

Iki ýurduň portlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň halkara ulag geçelçelerini ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenbaşy porty bilen BAE-niň portlarynyň arasynda aragatnaşyk ýollaryny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu maksat ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Türkmenistan bilen BAE-nyň Bilelikdäki beýannamasynda-da öz beýanyny tapdy.

Туркменистан и ОАЭ заявили о важности взаимодействия между портами двух стран

"Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag aragatnaşygynyň möhüm ornuny aýratyn bellemek bilen, bu meselede Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň zerurdygyny aýtdylar" – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Birleşen Arap Emirliklerine sapar amala aşyrýan Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň düzümine ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem girýär.

Ozal, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi we Abu Dhabi Ports Group özara düşünişmek hakynda Memoranduma gol çekdiler.

Abu Dhabi Ports Group BAE-de port, senagat we logistika operatory bolup, 11 porty we terminaly (konteýner, esasy ýükler, Ro-Ro, kruiz) dolandyrýar, halkara söwdanyň ösmegine ýardam bermek bilen, ykdysady zolaklaryň, deňiz, logistika we sanly işewürligiň toplumlaýyn maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

15:00 Iýul 26, 2026
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026