HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝB metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar

Noýabr 22, 2022 | 14:59 |7322
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga geçmek we atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň Aşgabatda geçirilen bilelikdäki ylmy we amaly maslahatynyň esasy temasyna öwrüldi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga geçmek we atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň Aşgabatda geçirilen bilelikdäki ylmy we amaly maslahatynyň esasy temasyna öwrüldi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: Redaksiýanyň suraty

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga geçmek we atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň Aşgabatda geçirilen bilelikdäki ylmy we amaly maslahatynyň esasy temasyna öwrüldi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Maslahatyň açylyşynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekili Diego Ruiz Alonso: «Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň hökümetine daşky gurşaw pudagynda Ýewropa Birleşigi bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy. Häzirki çäre bu ugurda oňyn hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň mysallaryndan biridir» – diýip belledi.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Ýewropa Birleşiginiň hünärmenleri ýaşyl energiýa geçiş babatynda ÝB-niň syýasatyny ösdürmek bilen meşgullanýarlar. Maslahatda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissary Kadri Simson we Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Baş direktorynyň ýerine ýetirijisini (DG CLIMA) Klira de la Torre gatnaşyjylara wideo çykyşlary bilen ýüzlendiler.

ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ýurduň ýolbaşçylarynyň halkara borçnamalaryna laýyklykda atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak üçin birnäçe çäreleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Iki günläp dowam etjek bu maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we bölümleriniň hünärmenleri, şeýle hem ylmy institutlar, Ýewropa Birleşigindäki kärdeşleri bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň girizilmegi we kanunlary kadalaşdyrmak arkaly atmosfera zyňyndylary azaltmagyň ýollary we onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak barada maslahat ederler.

Maslahatyň ilkinji gününde türkmen hünärmenleri Ýewropa Birleşiginiň «ýaşyl» energiýa pudagyndaky syýasaty, kanunçylygy, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge ÝB-niň maýa goýumlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahatyň möhüm meseleleriniň arasynda – Türkmenistanyň Ýewropa Birleşigine ekologiýa taýdan arassa we az uglerodly energiýa göterijilerini, şol sanda wodorody üpjün etmegiň geljegi bar.

ORIENT news
Redaksiýanyň suraty

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

20:02 Iýul 15, 2026
ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

18:00 Iýul 15, 2026