HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň sebitleýin forumy geçirilýär

Noýabr 22, 2022 | 22:13 |7996
Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisi öz işine başlady. 25-nji noýabra çenli dowam etjek bu çäre Türkmenistanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (UNODC) bilen bilelikde guraýarlar. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisi öz işine başlady. 25-nji noýabra çenli dowam etjek bu çäre Türkmenistanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (UNODC) bilen bilelikde guraýarlar. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisi öz işine başlady. 25-nji noýabra çenli dowam etjek bu çäre Türkmenistanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (UNODC) bilen bilelikde guraýarlar. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Duşuşyga 11 ýurtdan – Türkiýeden, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Şweýsariýadan, Awstriýadan, Iordaniýadan, Bahreýnden, BAE-den, Fransiýadan, şeýle hem halkara guramalardan wekiller gatnaşýarlar.

Birnäçe günüň dowamynda gatnaşyjylar bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreşde sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem olary gizlemek usullarynyň täzeçilliklerine serederler.

Tematiki mejlisleriň çäklerinde sintetiki neşe serişdeleriniň öndürilişini we olaryň bikanun dolanyşygyny, şol sanda olaryň howpsuz ýagdaýda öňüni almak we neşe bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin ýörite bellenilmeli temmiler ýaly meseleler boýunça çekişmeler geçirilýär.

Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi özüniň içerki syýasatynda ileri tutulýan meseleleriniň biri hökmünde kesgitledi. Maslahatda çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýurduň bu ugurdaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasy kabul edildi. Bu bolsa BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) 2022-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa boýunça maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegine goşant goşar. Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýän bu maksatnama geçen ýylyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde kabul edildi.

UNODC-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Aşita Mittal Merkezi Aziýanyň ilatynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, şeýle hem adam hukuklaryna hormat goýmakda umumy maksada ýetmek üçin bilelikdäki çäreleriň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi.

Forumyň ahyrynda gatnaşyjylar Ýyllyk hasabaty kabul ederler.

ORIENT news
Surat:

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026