HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RF-niň ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň täze düzgünleri 2023-nji ýylyn 1-nji martyndan güýje girer

Noýabr 06, 2022 | 20:26 |7102
Russiýanyň uniwersitetleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin kbul etmegiň täze düzgünlerini çap etdiler. “Moslentanyň” habar berşi ýaly, esasy üýtgetmeler resminamalary tabşyryp boljak hünärleriň hem-de ugurlaryň sanyna degişli boldy – ozal dalaşgär arzalaryň ona çenlisini berip bilýärdi, indi olaryň sany bäşe çenli azaldyldy.Russiýanyň uniwersitetleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin kbul etmegiň täze düzgünlerini çap etdiler. “Moslentanyň” habar berşi ýaly, esasy üýtgetmeler resminamalary tabşyryp boljak hünärleriň hem-de ugurlaryň sanyna degişli boldy – ozal dalaşgär arzalaryň ona çenlisini berip bilýärdi, indi olaryň sany bäşe çenli azaldyldy.
Çeşme:

Russiýanyň uniwersitetleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin kbul etmegiň täze düzgünlerini çap etdiler. “Moslentanyň” habar berşi ýaly, esasy üýtgetmeler resminamalary tabşyryp boljak hünärleriň hem-de ugurlaryň sanyna degişli boldy – ozal dalaşgär arzalaryň ona çenlisini berip bilýärdi, indi olaryň sany bäşe çenli azaldyldy. Indiden beýläk okuwa girjekler hünär saýlamaga has oýlanyşykly çemeleşmeli hem-de ünslerini belli bir hünäre jemlemeli bolarlar.

Şeýle hem okatmagyň ähli görnüşleri boýunça býujet orunlaryna kabul etmegiň möhletleri üýtgedildi – indi resminamalary 25-nji iýuldan gijä galman tabşyrmaga ýetişmeli, goşmaça kabul edişlik bolsa 29-njy awgustda tamamlanar.

Ozal kabul ediş möwsümi sentýabryň ahyryna çenli dowam edip bilýärdi.

Täzelik resminamalary tabşyrmagyň usulyna hem degişli bolar. Has takygy, ýokary okuw mekdepleri ozalky usula gaýdyp gelerler – okuwa attestatyň asyl nusgasy boýunça kabul ederler, GTO nyşanynyň bolmagy GTO-nyň Bütinrussiýa bedenterbiýe-sport toplumynyň saýtynda, Sport ministrliginiň saýtynda ýa-da ygtyýarly edaranyň GTO nyşany bilen sylaglamak hakyndaky buýrugynyň göçürmesi arkaly tassyklanylar.

Ýokary okuw mekdeplerine girmegiň täze düzgünleri 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026