HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Koreýa medeniýeti günleri geçirilýär

Noýabr 05, 2022 | 18:46 |6365
9-njy noýabrda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Koreýanyň medeniýet günleri başlanar.9-njy noýabrda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Koreýanyň medeniýet günleri başlanar.
Çeşme:

9-njy noýabrda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Koreýanyň medeniýet günleri başlanar.

Üç günüň dowamynda kinofestiwal geçirmek meýilleşdirilýär, onda «Samjin kompaniýasynyň iňlis diliniň sapaklary» atly filmi we Koreýada meşhurlyk gazanan «Bori» filmi görkeziler.

Filmler tölegsiz görnüşde «Aşgabat» kinoteatrynda görkezilýär:

9-njy noýabrda – «Samjin kompaniýasynyň iňlis diliniň okuw sapaklary» (17:00)

10-njy noýabrda – «Samjin kompaniýasynyň iňlis diliniň okuw sapaklary» (15:00); «Bori» (19:00)

11-nji noýabrda – «Bori» (15:00)

Şeýle hem 11-nji noýabrda sagat 18:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý tagamlarynyň sergisi geçiriler. Mundan başga-da, sergini görmäge gelýänler milli koreý lybasy – «hanbok» egin-başyny geýip görüp bilerler. Sagat 19:00-da bolsa Gugak kwartetiniň we Türkmenistanyň Milli simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde koreý fýužn sazlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news
Surat: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026