HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wladimir Putin: "Siz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşduňyz"

Noýabr 07, 2022 | 19:27 |9614
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesini gowşurdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy penşenbe güni Kremlde Russiýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda bolup geçdi – diýip, kremlin.ru habar berýär.Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesini gowşurdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy penşenbe güni Kremlde Russiýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda bolup geçdi – diýip, kremlin.ru habar berýär.
Çeşme:

– Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesini gowşurdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy penşenbe güni Kremlde Russiýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda bolup geçdi – diýip, kremlin.ru habar berýär.

Baýragy gowşurmak bilen, Putin: “Siz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzyň ösmegine uly goşant goşduňyz. Bu ynsanperwer we ykdysady ugurlardaky işleriň ählisine degişlidir. Siziň hut özüňiziň gatnaşmagyňyzda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki hyzmatdaşlygyň örän ýokary derejesine ýetdi. Bu sepgitleriň hemmesini göz öňünde tutup, Sizi Russiýanyň döwlet baýragy – “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesi bilen sylaglamak kararyna geldik. Bu ýokary baýrak Siziň döwletara gatnaşyklaryň ösmegine goşan goşandyňyza doly laýyk gelýär" – diýip aytdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň "wagt we durmuş arkaly" ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy subut edendigini, bu gatnaşyklaryň ýylsaýyn güýçlenýändigini we giňelýändigini aýtdy.

Владимир Путин вручил Гурбангулы Бердымухамедову орден «За заслуги перед Отечеством» IV степени

“Men adamyň durmuşynda beýle möhüm we taryhy günler juda seýrek bolýar diýip hasaplaýaryn – men Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet baýragyna mynasyp boldum, bu bolsa Türkmenistan we Russiýanyň halklarynyň, hakykatdanam, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Bu gatnaşyklara Siziň we meniň hem taryhy goşant goşandygymyz begendirýär" – diýip, Berdimuhamedow aytdy.

“Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeni Russiýada apostol Andreý Perwozwanyý ordeninden soň ikinji orunda durýan döwlet baýragydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Putin we Zelenskiý Tramp bilen aýratyn telefon gepleşiklerini geçirip, Ukrainadaky dawa we Eýrandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar

Putin we Zelenskiý Tramp bilen aýratyn telefon gepleşiklerini geçirip, Ukrainadaky dawa we Eýrandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Iýul 05, 2026
Pars aýlagyndan çig nebitiň eksporty iýun aýynda düýpli artdy

Pars aýlagyndan çig nebitiň eksporty iýun aýynda düýpli artdy

16:00 Iýul 05, 2026
Hytaý – Merkezi Aziýa söwda hyzmatdaşlygy platformasy 600-den gowrak kompaniýany özüne çekdi

Hytaý – Merkezi Aziýa söwda hyzmatdaşlygy platformasy 600-den gowrak kompaniýany özüne çekdi

14:00 Iýul 05, 2026