HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Türkmenistan bilen Hazarda deňiz döwlet serheti hakynda şertnamany tassyklady

Noýabr 03, 2022 | 04:21 |6920
Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Resminama orta çyzyk ýörelgesi boýunça çäk çekilmegini düzgünleşdirýär – bu usula garşylyklaýyn ýa-da ýanaşyk kenarýakaly döwletleriň arasynda deňiz giňişligini kesgitlemek üçin häzirki zaman halkara deňiz babatdaky hukuklarda eýerilýär. Şertnamanyň tassyklanylmagy suw biologik we ýerasty baýlyklardan peýdalanmakda özygtyýarly hukuklaryň ulanylmagy üçin amatly şertleri döreder, şeýle hem taraplaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da ylalaşyk günorta araçäklerde Gazagystanyň döwlet serhedini kesgitlemek işini tamamlar hem-de kenarýaka döwletleriň arasynda Hazar deňzinde döwlet serhetlerini hukuk taýdan berkidýän taryhda ilkinji resminama bolar – diýlip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news
Akordanyň metbugat-gullugynyň fotosuraty

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026