Aşgabat Halkara nebit-gaz forumyna gatnaşyjylary garşy alýar


Halkara maslahaty we sergi (OGT-2022) resmi taýdan 26-njy oktýabrda açylyp, ol 28-nji oktýabr aralykda üç gün dowam eder.
Howanyň üýtgemeginiň dünýäniň her bir künjegine täsir edýän döwründe energiýany netijeli ulanmak we arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselesi has möhüm ähmiýete eýe bolýar. – “OGT-2022 hut şu mowzuga, ýagny energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri işjeňleşdirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek meselelerine bagyşlanýar” – diýip, forumyň gurnaýjylary belleýärler.

Energetika pudagyny durnukly ösdürmek maksadyna ýetmek üçin pudak ýolbaşçylary we bilermenler nebit we gaz önümçiliginiň täze we has tygşytly usullaryndan habarly bolmalydyrlar. OGT-2022 milli we halkara derejede kärdeşlere tejribe alyşmak we bilimlerini paýlaşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder.
Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň işine we onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklara gatnaşmak geljekki maýadarlara nebit-gaz pudagyndaky dürli maksatly taslamalar, himiýa gazlaryny ýok etmek (utilizirlemek), ýetişen ýataklary optimizirlemek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmek baradaky tekliplerini hödürlemäge mümkinçilik berer.

Energetika ulgamynyň durnukly ösüşi we göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek baradaky gepleşikler OGT-2022-niň esasy wezipeleri bolup durýandygyna seretmezen, seýle-de, maslahatyň maksatnamasynda howanyň üýtgemeginiň möhüm global meselesini ara alyp maslahatlaşmak hem göz öňünde tutulýar. Şeýlelik bilen, alty mejlisden dördüsi energetikanyň geljegine bagyşlanýar.

Umumy mejlisde geljegiň energiýasynyň meseleleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylsa, soňky üç mejlis “Täze eýýamyň energiýasy: energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we wodorod”, “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik jähtleri”, “Nebit-gaz ylymlarynda we bilimde innowasion tehnologiýalar we nou-hau” ýaly mowzuklar boýunça pikir we tejribe alyşmaga bagyşlanar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan metan boýunça global borçnamalar başlangyjyny goldaýar” - diýdi. Bir ýyl geçmänkä, oktýabr aýynda OGT-2022 we ondan ozal, 2022-nji ýylyň iýunynda geçirilen "Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri" atly Halkara ylmy maslahaty Türkmenistanyň bu borçnamalara ygrarlydygyny tassyklaýar.
OGT-2022 gün tertibinde esasy çykyş edýänler – BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Norwegiýanyň Carbon Limits kompaniýasynyň wekili Olga Gassan-zade ýaly, metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatynda dünýä belli bilermenler bolar. Mundan başga-da, bilim alyşmak we mümkinçilikleri artdyrmak boýunça iş mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin Norwegiýanyň we Türkmenistanyň bilermenleri tarapyndan “başlangyç barlag işleri” geçirildi.

Halkara nebit we gaz konferensiýasy Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri geçirilýär. OGT-2022 hasap boýunça 27-nji bolar. Şu ýyl maslahat bilen birlikde halkara we milli nebit-gaz kompaniýalarynyň innowasiýa tehnologiýalarynyň we hyzmatlarynyň sergisi hem geçiriler.
OGT-2022-ä 30-dan gowrak KHBS-niň 40-a golaý wekili gatnaşar we onuň geçişi barada diňe bir Türkmenistana däl, eýsem bütin dünýäniň diňleýjilerine giňişleýin habar berer. Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň saldamly sanawyna Argus Media, S&P Global Commodity Insights, Natural Gas World, China Daily, Interfax, TASS Habarlar agentligi we Belarus Habarlar agentligi ýaly bütindünýä ýöriteleşdirilen habar beriş neşirleriniň awtorlary we redaktorlary girýär.
OGT-2022 başlamazdan ozal, onuň maksadyny Türkmenistanyň daşyndaky diňleýjilere, okyjylara ýetirmek üçin bu barada onlarça täzelikler çap edildi we ýaýlymlara berildi. Mysal üçin, China Daily, Natural Gas World и Central Asia Newsi ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden okalýan habar saýtlary Türkmenistanda geçiriljek bu möhüm waka barada metbugat habarnamasyny çap etdiler.

OGT-2022-niň delegatlarynyň 100-den gowragynyň Aşgabada gelmegini üpjün etmek üçin guramaçylyk komiteti halkara uçar gatnawlarynyň pandemiýadan soň ýaňy dikelip ugran döwründe Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýörite çarter uçuşlaryny gurady.
Maslahata we sergä 500-den gowrak adam, ýagny 45 ýurtdan halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, 206 sany kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar. Mundan başga-da, energitiki kompaniýalaryň 50-den gowragynyň sergä gatnaşmagyna garaşylýar. OGT-2022-ä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelip bilmedikler üçin onlaýn gatnaşmak mümkinçiligi dörediler.
BMG-nyň öňki Baş sekretary, häzirki wagtda Ýaşyl ösüş global instituty assambleýasynyň başlygy Pan Gi Mun 2022-nji ýylda Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä gaz konferensiýasynda eden çykyşynda “parnik gazlarynyň zyňyndylary babatdaky meseläni çözmegiň wagty geçip barýandygyny” aýtdy we “parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda tebigy gazyň kömeginden peýdalanmak mümkinçiliklerini” aýratyn belläp geçdi.

Nebit-gaz pudagynda – “taýagyň iki ujy bar” diýlişi ýaly, nebitiň we gazyň çykarylyp alynmagy daşky gurşawa peýdaly bolubam, zyýan ýetirip hem biler. Şeýlelik-de, OGT-2022 geljek üç günüň dowamynda bilermenlere, karar berýän şahslara we pudak ýolbaşçylaryna öz pikirlerini, bilimlerini we tejribelerini paýlaşmak üçin meýdança hödürläp, nebitiň we gazyň has netijeli öndürilmegine we sarp edilmegine ýardam eder.
ORIENT news








