HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow: sebitdäki ähli meseleler hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde çözülmelidir

Oktýabr 22, 2022 | 15:37 |12264
Sebitdäki ähli meseleler parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde çözülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Aşgabatda Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat beýanatynda aýtdy.Sebitdäki ähli meseleler parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde çözülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Aşgabatda Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat beýanatynda aýtdy.
Çeşme:

Sebitdäki ähli meseleler parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde çözülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Aşgabatda Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat beýanatynda aýtdy.

“Sebitiň özygtyýarly döwletleriniň içerki işlerine goşulmagy, ekstremistik, radikal elementleri ulanmak arkaly, syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary ýol berilmesiz hasaplaýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Milli täzelikler gullugynyň agşamky ýaýlymynda habar berilişine görä, türkmen Lideri brifingde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meň¬zeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtady.

Taraplar Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara doly derejede goşulyşmagynyň, ilkinji nobatda, iri energetika, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmagy arkaly ýakynlaşmagynyň zerurdygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow iýul aýynda Daşkent şäherinde geçirilen “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatyna ýokary baha berdi.

Türkmen Lideriniň sözlerine görä, gepleşiklerde Aral meselesi, şol sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde öňde duran wezipeler özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyö möhüm ugrudyr. Şu babatda iki ýurt hem işewür gatnaşyklary gi¬ňeltmegi hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026