HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşiklerinde bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Oktýabr 21, 2022 | 22:10 |7671
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler.Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme:

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler.

Soňky aýlarda iki döwletiň liderleriniň eýýäm altynjy gezek duşuşýandyklary – munuň bolsa Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn derejededigniň aýdyň görkezijisi bolup durýandygy bellenildi.

Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň kemala getirilmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly hyzmatynyň bardygyny nygtady.

Häzirki wagt ykdysady aragatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň öňe iteriji güýji bolup durýar, muny bolsa soňky ýyllardaky özara söwdanyň möçberleri tassyklaýar. Bu ulgamda döredilmegi maksat edinilýän Serhetýaka söwda zolagy gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, sebitlerde täze iş orunlarynyň açylmagyna hyzmat eder. Bu zolagyň döredilmegine şu gün döwlet baştutanlary badalga bererler.

Gepleşiklerde senagat toplumynda, energetika ulgamynda, himiýa senagatynda hem-de obasenagat toplumynda bilelikdäki beýleki taslamalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, ÖzR-niň prezidentiniň saýtynda habar berilýär.

Ulag pudagy özara gatnaşyklaryň strategik ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanlary Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlar boýunça geçelgeleri işjeň ösdürmegi ylalaşdylar.

Suwa baradaky meselelere-de garalyp, şunuň bilen baglylykda, Daşkentde Amyderýa boýunça gol çekilen Ylalaşygyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem prezidentler ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny tassykladylar. 2023-nji ýylda özara Medeniýet we kino günlerini, ýaşlar festiwalyny geçirmek meýilleşdirildi.

Ozal indiki aýda Daşoguzda Türkmen-özbek dostluk festiwalynyň geçiriljekdigi habar berlipdi.

ORIENT news
Foto: president.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026