HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: TS-1 görnüşli uçar kerosini islegden peýdalanyldy

Oktýabr 22, 2022 | 06:53 |6728
Penşenbe güni, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewür toparlary TS-1 görnüşli uçar kerosininiň jemi 2,6 müň tonnadan gowragyny satyn aldylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümiň bir tonnasynyň bahasy $971 diýlip kesgitlenildi. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy bolsa $2,5 milliondan gowrak boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026