HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mirziýoýew: özbek-türkmen gatnaşyklarynyň düýbünden täze atmosferasy döredildi

Oktýabr 22, 2022 | 04:26 |6462
Soňky ýyllarda umumy syýasy erkiň kömegi bilen özbek-türkmen gatnaşyklarynyň düýbünden täze atmosferasyny döretmek we hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet bermek mümkin boldy – diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soň KHBS üçin geçirilen brifingde aýtdy.Soňky ýyllarda umumy syýasy erkiň kömegi bilen özbek-türkmen gatnaşyklarynyň düýbünden täze atmosferasyny döretmek we hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet bermek mümkin boldy – diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soň KHBS üçin geçirilen brifingde aýtdy.
Çeşme:

– Soňky ýyllarda umumy syýasy erkiň kömegi bilen özbek-türkmen gatnaşyklarynyň düýbünden täze atmosferasyny döretmek we hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet bermek mümkin boldy – diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soň KHBS üçin geçirilen brifingde aýtdy.

Özbegistan Respublikasynyň döwlet baştutany: "Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek Özbegistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugrudyr" - diýdi.

Şu günki gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn formatda we halkara arenasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdir, –nk, häzirkizaman infrastrukturaly Serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi bolsa söwda dolanyşygyny ösdürmäge, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we sebitlerde täze iş ýerlerini döretmäge ýardam eder.

Brifingde habar berlişi ýaly, senagat, energiýa, oba hojalygy, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi barada ylalaşyklar gazanyldy. Suwdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak we ýok etmek ugurlarynda özara hyzmatdaşlyga üns berildi.

Merkezi Aziýanyň serhetýaka derýalarynyň suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak boýunça konstruktiw gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda parlamentara gepleşikleriň we halk diplomatiýasynyň has-da giňelmegine, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat ýygnagynyň çäginde güýçlendirmegi maksat edinýärler.

Iki ýurduň prezidentleri Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we infrastruktura taslamalaryny öňe sürmek üçin tagallalary ösdürmek barada ylalaşdylar.

ORIENT news
Foto: president.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026