HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan kompaniýalarynyň baştutanlary Türkmenistana işewürlik saparyny amala aşyrarlar

Oktýabr 25, 2022 | 14:45 |5883
ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ahyryna çenli söwda we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Trend neşirine «Türkmenistan–ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart gürrüň berdi.ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ahyryna çenli söwda we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Trend neşirine «Türkmenistan–ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart gürrüň berdi.
Çeşme:

ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ahyryna çenli söwda we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Trend neşirine «Türkmenistan–ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart gürrüň berdi.

«COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ýüzünde saparlara çäklendirmeleriň ýüze çykmagy ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygy haýallady. Ýöne indi, pandemiýa, göräýmäge, çynlakaý mesele hökmünde aradan aýrylandan soň, şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary işewürlik saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler» - diýip, geňeşiň baştutany aýtdy.

Şeýle hem Erik Stýuart geljek boljak sapar ABŞ-nyň energetika, senagat, oba hojalyk, maliýe we syýahatçylyk kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär - diýip, belledi.

«Bu ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we çuňlaşdyrmak üçin örän gowy mümkinçilik bolar. Biz gatnaşyklary ozalkysy ýaly saklamagy we işewürlik mümkinçilikleri ulanmagy dowam etdirmek isleýäris» – diýip, Stýuart sözüni jemledi.

ORIENT news
Surat: pikabu.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026