HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada sapar bilen geldi

Oktýabr 21, 2022 | 04:29 |11059
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde hormatly myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde hormatly myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Çeşme:

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi.

Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde hormatly myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Saparyň esasy çäreleri ertire – 21-nji oktýabrda meýilleşdirilýär. Meýilnama laýyklykda, 21-nji oktýabr, anna güni gün tertibine ikitaraplaýyn we sebitleýin derejedäki möhüm meseleler girizilen ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ykdysady integrasiýanyň täze şertlerinde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar, özara söwda dolanyşygyny giňeltmegiň usullary, senagat, energetika we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşarlar.

Президент Узбекистана прилетел в Ашхабад с визитом

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ondan gowrak resminama gol çekilmegine garaşylýar.

Şeýle hem, Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagy we “Horezm-Daşoguz” Serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygyna bilelikde badalga berilmegi meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky häzirki derejesi oňyn dinamika bilen häsiýetlendirilýär: awtoulag, elektrotehnika, dokma we derman senagaty, azyk senagaty we oba hojalygy ýaly pudaklarda özara hyzmatdaşlyk giňelýär, himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä çykdy.

Президент Узбекистана прилетел в Ашхабад с визитом

Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagy döredilýär, ýurtlarymyzyň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak barada degişli kararlar kabul edildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ortamöhletli maksatnama işlenip düzüldi, geljegi uly taslamalary öňe sürmek maksady bilen Bilelikdäki taslama ofisini döretmek kararyna gelindi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Dolandyryş apparatynyň ýanyndaky Ykdysady barlag we reformalar merkezi Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň görkezijilerini, şol sanda 2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda önüm kategoriýalary boýunça eksport we import möçberini görkezýän maglumatnama taýýarlady.

Президент Узбекистана прилетел в Ашхабад с визитом

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026