HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça welosiped ýörişi geçirilýär

Oktýabr 20, 2022 | 03:21 |10169
“TOPH – parahatçylygyň nyşany” – atly şygar bilen şu günler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň ugry boýunça  welosiped ýörişi geçirilýär. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň diplomatik edarasynda habar berildi.“TOPH – parahatçylygyň nyşany” – atly şygar bilen şu günler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň ugry boýunça  welosiped ýörişi geçirilýär. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň diplomatik edarasynda habar berildi.
Çeşme:

“TOPH – parahatçylygyň nyşany” – atly şygar bilen şu günler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň ugry boýunça welosiped ýörişi geçirilýär. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň diplomatik edarasynda habar berildi.

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Welosport federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Abdul Hadi Naseriň ýolbaşçylygyndaky dokuz tigirçi 9-njy oktýabrda Turgundi şäherinden ýörişe başladylar. Olaryň ugry Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandahar welaýatlaryndan geçýär. “Dawandar” topary 16 günüň içinde tutuş menzili geçmegi we ýurduň günortasynda ýerleşen Spin-Boldak sebitindäki owgan-pakistan serhedine ýetmegi göz öňünde tutýär.

Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygy Abdul Hadi Naseriň bu başlangyjyny goldady we TOPH gaz geçirijisiniň owgan halky üçin durmuş-ykdysady ähmiýetine jemgyýetçiligiň ünsüni çekýän sport çäresiniň geçirilmegini makullady.

“Dawandaryň” lideri bilen söhbetdeşlikde Owganystandaky welosiped hereketini işjeňleşdirmek we TOPH taslamasyny öňe sürmäge ýardam bermek üçin geljekde-de şuňa meňzeş çäreleri geçirmek kararyna gelindi.

Tigirçi aktiwistleriň topary Hyrata gaýdyp gelenden soň, Türkmenistanyň Baş konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda olary garşy almak we toparyň agzalaryna sowgat gowşurmak dabarasyny guramak meýilleşdirilýär.

TOPH welosiped ýörişi barada owgan KHBS-nde giňişleýin habar berildi we taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi baradaky çagyryşa ýerli jemgyýetleriň oňyn seslenmesine eýe boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026