HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň gün tertibine garadylar

Oktýabr 20, 2022 | 03:02 |10312
Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Raşid Meredow komitetiň ýapon tarapdan başlygy, “Itochu” korporasiýasynyň dolandyryjy müdiri Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirdi.Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Raşid Meredow komitetiň ýapon tarapdan başlygy, “Itochu” korporasiýasynyň dolandyryjy müdiri Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirdi.
Çeşme:

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Raşid Meredow komitetiň ýapon tarapdan başlygy, “Itochu” korporasiýasynyň dolandyryjy müdiri Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirdi.

– Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm rol oýnaýandygyny bellediler – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda habar berilýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň ýakynda Tokio amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellendi.

Bu mowzugyň dowamy hökmünde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yglan edilen teklipler we taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kärdeşler innowasiýa ünsi jemläp, infrastrukturany ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny täzelemegiň meselelerine garadylar we komitetiň geçirilmegi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýän 14-nji mejlisine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň gün tertibi we netijelerinden soň gol çekmek üçin taýýarlanylýan resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň 14-nji mejlisiniň şu ýylyň ahyrynda Tokioda geçiriljekdigi habar berilipdi.

ORIENT news
Foto: jp-tr.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026