Aşgabatda ykdysadyýetde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak Maksatnamasynyň maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy


BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek we Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek boýunça pudagara ýygnagynda 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Maksatnamasynyň esasy maksatlary barada durlup geçildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Maksatnamanyň esasy maksatlary hökmünde şular agzaldy:
– Energiýa gorlaryny tygşytlama
– Uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak
– Gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagynyň azalmagy bilen howanyň hapalanmasynyň pese gaçmagy
– Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak
Maksatnama laýyklykda adaty önümçilik energiýa kuwwatlyklaryndan başga, ýurtda her ýyl onlarça million kilowatt sagat elektrik energiýasynyň öndürilmegini üpjün etjek ýeliň güýji bilen işleýän birnäçe gurluşlar ulanyşa berler.
ORIENT news
Surat: design4event.ru








