Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Duşenbede terrorçylyga garşy forumyň çäginde duşuşyklary geçirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet "Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketiniň öňüni almak üçin serhet howpsuzlygy we serhet gözegçiligi babatynda halkara we sebit hyzmatdaşlygy" atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine geldi.
– Duşenbe güni forumyň çäginde Wepa Hajyýew BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen UNOCT-iň arasyndaky özara gatnaşyklar we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselelerine garaldy.

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Terrorçylyga garşy göreş boýunça ýokary derejeli konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyşyna garaşylýar.
Iki gün dowam etjek maslahat Täjigistanyň hökümeti, BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Saud Arabystany Patyşalygy we Katar döwleti tarapyndan bilelikde guraldy.
Bu konferensiýa terrorçylaryň hereketlerini kesgitlemek we öňüni almak, atyjy ýaraglaryň, adaty ok-därileriň we partlaýjy maddalaryň, şeýle-de ýadro, himiýa, biologiki ýa-da radiologiki ýaraglaryň we materiallaryň bikanun söwdasyna garşy göreşmek, serhet we serhet düzgünleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara adam hukuklary kanunlaryna, halkara ynsanperwerlik kanunlaryna, bosgun hukuklaryna laýyklykda maglumat alyşmak boýunça çäreleriň görülmegi üçin serhet we gümrük gözegçiligini gowulandyrmak babatda ikitaraplaýyn, sebitara we halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
ORIENT news








