Türkmenistan halkara ders olimpiadalaryny guraýar


TDH agentliginiň habar bermegine görä, Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary boýunça wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow ýekşenbe güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden hasabatynda Türkmenistanda halkara ders olimpiadalarynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Olimpiadalar «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde geçiriler. 14 — 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny» guramak göz öňünde tutulýar.
Geçiriljek çärelere ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news
Surat:








