HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Astananyň ulag gün tertibinde – demir ýol, awtoulag ýoly we howa ýollary

Oktýabr 16, 2022 | 17:12 |11018
Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.
Çeşme:

Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

“Kada giren logistika zynjyrlarynyň arasynyň kesilmeginiň fonunda bu ugura bolan isleg ep-esli artdy. Şonuň üçin, biz bu ýoly ösdürmek boýunça bilelikdäki hereket meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdyk" – diýip, Kasym-Jomart Tokaýew Akordada geçen brifingde aýtdy.

Munuň bilen birlikde, döwlet baştutanlary Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, gürrüň "Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi" atly täze awtoulag ýolunyň gurluşygy barada boldy.

Iki ýurduň hökümetleri hem pandemiýanyň başyndan bäri togtadylan yzygiderli gatnawlary gaýtadan iki ýurduň arasynda mümkin boldugyça gysga wagtda dikeltmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.

Kasym-Jomart Tokaýew işewürlik işine goşmaça itergi bermek üçin iki ýurduň raýatlarynyň iş saparlary üçin ýönekeý wiza düzgünini girizmegi teklip etdi.

ORIENT news
Foto: akorda.kz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026