HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-gazak gatnaşyklary giň gerimde üstünlikli ösdürilýär – Berdimuhamedow

Oktýabr 16, 2022 | 05:48 |9886
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Akordada giňeldilen türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etdi. Ol Gazagystanyň ýolbaşçysyna mähirli garşylanandygy we bilelikdäki iş üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Akordada giňeldilen türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etdi. Ol Gazagystanyň ýolbaşçysyna mähirli garşylanandygy we bilelikdäki iş üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Akordada giňeldilen türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etdi. Ol Gazagystanyň ýolbaşçysyna mähirli garşylanandygy we bilelikdäki iş üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen lideri: “Bu ýyl Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Bu döwür içinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar giň gerimde üstünlikli ösdürildi" – diýdi.

Kasym-Jomart Tokaýew iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede işjeň we ynamdar syýasy gepleşikleriň ýola goýlandygyny aýtdy. “Gazagystanyň Prezidenti: “Men geçen ýylyň oktýabrynda eden saparymy uly mähir bilen ýatlaýaryn. Myhmansöýerligiňiz üçin, Aşgabatda bolmagym üçin ähli zerur we amatly şertleri döredendigiňiz üçin sag bolsun aýdýaryn. Munuň özi sapar wagtynda üstünlik gazanmak üçin esas bolup hyzmat etdi" – diýdi, diýip, “Kazinform” habarlar agentligi ýazýar.

Ol saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň öndürijilikli we köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny belläp, oňa salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Tokaýew şeýle hem, Hazaryň işiniň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy belläp geçdi. “Ýakynda Aşgabatda Hazar sammiti geçirildi, ol netijesi we türkmen tarapynyň görkezen myhmansöýerligi taýdan diýseň üstünlikli boldy. Sammitiň guramaçylyk derejesi örän ýokary" – diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.

ORIENT news
Foto: akorda.kz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026