HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ispaniýanyň “Atresmedia” holdingi Türkmenistan bilen bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi

Oktýabr 16, 2022 | 02:17 |11868
Ispaniýanyň  “Atresmedia” mediaholdingi Türkmenistan barada bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi. Bu teklibe jogap edip, ýurduň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa  baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň Atresmediýa toparynyň “Enviado Especial” (“Ýörite wekil”) dokumental programmasynyň müdirligi bilen onlaýn duşuşygyny gurady.Ispaniýanyň  “Atresmedia” mediaholdingi Türkmenistan barada bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi. Bu teklibe jogap edip, ýurduň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa  baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň Atresmediýa toparynyň “Enviado Especial” (“Ýörite wekil”) dokumental programmasynyň müdirligi bilen onlaýn duşuşygyny gurady.
Çeşme:

Ispaniýanyň “Atresmedia” mediaholdingi Türkmenistan barada bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi. Bu teklibe jogap edip, ýurduň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň Atresmediýa toparynyň “Enviado Especial” (“Ýörite wekil”) dokumental programmasynyň müdirligi bilen onlaýn duşuşygyny gurady.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

Anna güni geçirilen duşuşykda Ispaniýanyň telewideniýe işgärleri we olaryň türkmen kärdeşleri Türkmenistanyň çäginde dürli sýužetleri surata düşürmek we halkara wakalar barada reportažlary guramak mümkinçiligine garadylar. Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň ORIENT-e beren habaryna görä, gepleşikleri iş tertibinde dowam etdirmek baradaky ylalaşyk duşuşygyň netijesi boldy.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Atresmedia” – telewideniýe, radio, internet, kino, üçünji tarap üçin önümçilik we hünär okuwy ýaly işleýän ähli pudaklarynda esasy orunlary eýeleýän Ispaniýanyň öňdebaryjy metbugat toparydyr. Antena 3 we La Sexta onuň meşhur markalary bolan teleýaýlymlardyr. Iň soňky hasabatlara görä, Ispaniýanyň aragatnaşyk toparlarynyň arasynda Atresmedia iň ýokary orny eýeleýär. Onuň tomaşaçylarynyň sany 19,5 milliondan gowrakdyr.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Enviado Especial” programmasy “La Sexta” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýär. Häzirki wagtda bu mediýa topary “La Sexta”-da, soňra bolsa “ATRESplayer” we akym platformasy arkaly 25 ýurtda görkeziljek dünýä ýurtlary barada täze dokumental seriýaly hödürleýär.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Atresmedia” geljekde Ispaniýanyň köpçüligine we halkara tomaşaçylar toparyna gadymy Beýik Ýüpek ýolynyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, ägirt uly energiýa çeşmelerini we baý medeni mirasyny açyp görkezmek üçin, serialyň bir sanyny geljekde Türkmenistana bagyşlamak üçin türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026