HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan robot tehnikalaryny döretmäge höwesjeňler First Global Challenge – 2022-ä gatnaşýarlar

Oktýabr 14, 2022 | 21:32 |12613
First Global Challenge-2022 – munuň özi Olimpiýa oýunlarynyň ruhunda robot tehnikasy boýunça her ýyl geçirilýän ýaryşlar. Şu ýyl First Global Challenge iki ýyl onlaýn görnüşde guralandan soň, ilkinji gezek göni gatnaşmakda 13-nji oktýabrdan 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ilkinji gezek göni gatnaşmakda geçirilýär.First Global Challenge-2022 – munuň özi Olimpiýa oýunlarynyň ruhunda robot tehnikasy boýunça her ýyl geçirilýän ýaryşlar. Şu ýyl First Global Challenge iki ýyl onlaýn görnüşde guralandan soň, ilkinji gezek göni gatnaşmakda 13-nji oktýabrdan 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ilkinji gezek göni gatnaşmakda geçirilýär.
Çeşme:

First Global Challenge-2022 – munuň özi Olimpiýa oýunlarynyň ruhunda robot tehnikasy boýunça her ýyl geçirilýän ýaryşlar. Şu ýyl First Global Challenge iki ýyl onlaýn görnüşde guralandan soň, ilkinji gezek göni gatnaşmakda 13-nji oktýabrdan 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ilkinji gezek göni gatnaşmakda geçirilýär.

First Global Challenge bütin dünýädäki ýaşlara täze tehnologiýalary, bilimlerini we ukyplaryny peýdalanmaga, Ýer ýüzüniň dürli meselelerini köpçülikleýin çözmek bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döredýär. Çäre oýun görnüşinde degişli meseleleri çözmek üçin robotlaryň taslamasyny düzmek hem-de olary ýygnamak bilen meşgullanýan talyplardan ybarat toparlaryň ýyllyk işleriniň özboluşly jemlenmesidir.

Ženewadaky ýaryş hasap boýunça eýýäm altynjy bolup, Ýewropada ilkinji gezek geçirilýär. First Global Challenge-iň ozalky ýaryşlary ABŞ-nda, Meksikada, BAE-de guraldy. Şu ýyl Şweýsariýada geçirilýän “robot tehnikalarynyň olimpiadasyna” 180-den gowrak ýurtlardan ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistana Ženewada «Oguz Robot» at bilen belli bolan ýaş höwesjeňlerden ybarat bolan topar wekilçilik edýär. Türkmen toparynyň ýaşlarynyň özleriniň aýdyşy ýaly, soňky 5 ýylyň dowamynda FIRST Global Challenge gatnaşmak STEM (ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika) ulgamyna düşünmekde we ony gündelik durmuşa ornaşdyrmakda uly tejribe berdi.

“FIRST Global Challenge ýaryşlary biziň toparymyz üçin öwürlişik pursaty boldy, robot tehnikalarynyň, topar bolup işlemegiň, STEM-iň, innowasiýalaryň hem-de ählumumy kommunikasiýalaryň hakyky ähmiýetine düşünmäge kömek etdi. Biz geçen ýyl 6-njy orun eýeläp, robot tehnikalary boýunça köpsanly halkara we milli ýaryşlara gatnaşyp başladyk, ençeme baýraklara we sylaglara mynasyp bolduk. Bu ýyl asla başgaça bolar, sebäbi ýaryş indi göni gatnaşmak arkaly geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary FIRST Global Challenge öňräk, geçen ýylyň dekabrynda taýýarlyk görüp başlady. Maý aýynda Türkmenistanda «Oguz Robot Fest» ýaryşynyň geçirilmegi taýýarlyk tapgyrlarynyň biri boldy. Çäre bizi has-da jebisleşdirdi hem-de hakyky topar bolup işlemegiň möhümdigini görkezdi. Şu ýyl biz Ženewada netijeler jemlenilende, geçenki FIRST Global Challenge ýaryşyndakydan has ýokary orun almaga synanyşarys” diýip, türkmen toparyna gatnaşyjylar gürrüň berdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026