HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMGÖM saglygy goraýyş pudagynda 100 million dollarlyk taslamalary durmuşa geçirdiler

Oktýabr 12, 2022 | 23:43 |8252
Türkmenistanyň hökümeti BMGÖM bilen bilelikde ýurduň saglygy goraýyş pudagynda jemi 100 million ABŞ-nyň dollaryna barabar dürli taslamalary durmuşa geçirdi.Türkmenistanyň hökümeti BMGÖM bilen bilelikde ýurduň saglygy goraýyş pudagynda jemi 100 million ABŞ-nyň dollaryna barabar dürli taslamalary durmuşa geçirdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň hökümeti BMGÖM bilen bilelikde ýurduň saglygy goraýyş pudagynda jemi 100 million ABŞ-nyň dollaryna barabar dürli taslamalary durmuşa geçirdi.

BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç bu barada Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş boýunça halkara maslahatynyň «Türkmen diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny» atly bölüminiň çäklerinde eden çykyşynda gürrüň berdi. Bu barada BMGÖM-nyň Türkmenistandaky edarasynyň Instagram sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Şeýle hem maslahatda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça meýilnamalar, hususan-da, saglygy goraýyşyň ählumumy gurşawy, ýokary hilli saglyk hyzmatlaryna, dermanlara we sanjymlara elýeterliligi öz içine alýan sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdaky adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň hökümeti Dünýä gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki ösüş boýunça hyzmatdaşlarynyň goldamagy bilen, saglygy goraýyş pudagynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeklige gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär.

ORIENT news
Surat: business.com.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026