HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

China Daily: Hytaýyň täze garaýşy, häzirki global kynçylyklary çözmegi maksat edinýär

Oktýabr 12, 2022 | 23:05 |4798
“China Daily” habar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaý halkara we sebitleýin çäreleriň birnäçesinde global parahatçylygy, ösüşi, açyklygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin meýilnamalaryň we çäreleriň giň toparyny yglan etdi.“China Daily” habar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaý halkara we sebitleýin çäreleriň birnäçesinde global parahatçylygy, ösüşi, açyklygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin meýilnamalaryň we çäreleriň giň toparyny yglan etdi.
Çeşme:

“China Daily” habar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaý halkara we sebitleýin çäreleriň birnäçesinde global parahatçylygy, ösüşi, açyklygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin meýilnamalaryň we çäreleriň giň toparyny yglan etdi.

Şu esasda Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Pekinde geçirilen BRICS işewürler forumynyň açylyş dabarasynda tebigy betbagtçylyklar, ykdysady çökgünlik, azyk we energiýa howpsuzlygy, howpsuzlyk meseleleri, geosyýasy çaknyşyklar we global ösüş ýaly birnäçe global meselä ünsi çekdi.

Ýokary derejeli global ösüş gepleşiklerinde Prezident Si Szinpin, Hytaýyň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy ösdürmek gaznasyny Global Ösüş we Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk Gaznasyna kämilleşdirjekdigini we goşmaça 3 milliard Amerikan dollary bilen üpjün etjekdigini mälim etdi.

Hytaý Halkara gözleg institutynyň prezidenti Su Bu, Hytaýyň "döwrüň soraglaryna" beren jogaplarynyň tutuş adamzat jemgyýetiniň bähbidine, global ösüş temasyna ünsi jemleýändigini, parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak üçin tutuş dünýäniň tagallalaryna gönükdirilendigini aýtdy.

Su Bu, häzirki wagtda Hytaýyň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy esasynda halkara ösüşini goldaýan we beýleki ýurtlara BMG-nyň 2030-njy ýyl üçin durnukly ösüş meýilnamasyna ýetmäge kömek edýän işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

“China Daily” habar gullugy, “Bir guşak, bir ýol başlangyjy” taslamasynyň netijesinde Gündogar Afrikada awtoulag ýollarynyň döredilendigini we Hytaý-Ýewropa ýük otlylarynyň dünýä bazarynda durnukly we üznüksiz haryt akymyny üpjün edýändigini habar berýär.

ORIENT news
Surat: www.chinadaily.com.cn

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026