Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2% deň boldy

Oktýabr 12, 2022 | 00:55 |8341
2022-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2% deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerine bagyşlanan hökümetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.2022-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2% deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerine bagyşlanan hökümetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.
Çeşme:

2022-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2% deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerine bagyşlanan hökümetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutany mejlisiň netijelerini jemläp, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garamazdan, ýylyň dokuz aýynyň netijeleriniň ýurduň üstünlikli ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,2% deň bolandygyny, daşary söwda dolanyşygynyň 40% köpelendigini, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bolsa 20 milliard manatdan gowrak maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini nygtady.

Mejlisde nebit çykarmak boýunça meýilnamanyň 100,7%, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnamanyň 110,9%, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 115,7%, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 111,6%, polipropilen öndürmek boýunça meýilnamanyň 122,3%, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 101,1% we suwuklandyrylan gaz öndürmek baradaky meýilnamanyň 113,9% ýerine ýetirilendigi bellenildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gaz almak boýunça meýilnamanyň 115,3%, “mawy ýangyjy” eksport etmek meýilnamasynyň bolsa 125,9% berjaý edilendigi nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026