Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi barada çykyş etdi


Ukraina Türkmenistany Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy hasaplaýar, diýip Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Wiktor Maýko, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda belledi.
«Bilelikdäki tagallalar bilen biz milli ähmiýetli iri taslamalary, şol sanda abraýly ukrain kompaniýalarynyň gatnaşmagynda täsirli netijeleri gazanmagy başardyk» - diýip, ilçi nygtady.
Maýko bu gün Ukrainanyň işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän birnäçe möhüm taslamany agzap geçdi. Olaryň hatarynda «Altkom Ýol gurluşyk»kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Balkan sebitindäki Garabogaz aýlagynyň üstünden awtoulag köprüsiniň gurluşygy, Ýug-Neftegaz we beýlekileriň gatnaşmagynda günbatar Türkmenistanda nebit we gaz ýataklarynyň 3D we 2D barlag-gözleg işleri we beýlekiler bar.
Diplomatik wekilhananyň baştutany ukrain işewürleriniň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygyny, ukrain kompaniýalarynyň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň açylmagy, şeýle hem bu ýurtda Türkmenistan bilen bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etjekdigini belledi.
Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin Maýko Ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň işini güýçlendirmäge, şeýle hem onuň çäklerinde ýolbaşçylary we iň işjeň kompaniýalardanwekilleri öz içine alýan Işewürlik geňeşini döretmägi teklip etdi.
Şol bir wagtyň özünde, diplomatik wekilhananyň baştutany ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrjak täze ulag we logistika ugurlaryny döretmegiň möhümdigini belledi, şeýle hem ol Ukrainanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň we Aşgabat-sitiniň akylly şäher taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Ukrainanyň ilçisi öz adyndan we ukrain halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna uly raýdaşlyk we ýurt üçin kyn döwürde 2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde ynsanperwerlik kömegini berendikleri üçin çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
ORIENT news
Surat: redaksiýa








